Garaşsyzlygyň halkara hyzmatdaşlykdaky orny

 “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen şu ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar. Häzirki günlerde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diýarymyzyň mukaddes baýramçylygyna döwlet derejesinde taýýarlyk görülýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny almak bilen halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi we ol bu gün belent münberlerden dünýä ýaň salýar.

Bilşimiz ýaly, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrda döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistan 1995-nji ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki bedew batly gadamlary Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle-de hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlaryň oňyn netijelerini äleme äşgär etdi. Berkarar Watanymyz geçen sanlyja ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda aýratyn hem daşary syýasatda uly ösüşlere beslenip, dünýä derejesindäki abraýyny has hem belende galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy möhüm syýasy wakadyr. Çünki bu merkeziň açylmagy bilen Türkmenistan ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi.

Çemen BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok