Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň şeýle-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän we kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2021-nji ýylyň oktýabr – dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.

Şeýle-de, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga ýada harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürilmegine hukugyny ýitiren ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlary 2021-nji ýylyň oktýabr – dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok