“Türkmen gerçegi” ilkinji gezek sahnada görkezildi

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Türkmen gerçegi” atly kompozision spektaklyň ilkinji tabşyrylyşygy boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli taýýarlanan bu sahna eserinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary çykyş etdiler.
“Türkmen gerçegi” düýp mazmuny boýunça “Görogly” şadessanynyň yzygiderligi boýunça düzülip, ol Türkmenistanyň halk artisti, ussat mugallym, režissýor – pedagog Nurmuhammet Keşikowyň ýolbaşçylygynda, uly mugallym Myratnyýaz Gurbanýazowyň assistentlik etmeginde we mugallym Gurbandurdy Agalykowyň kömekçilik etmeginde sahnalaşdyrylyp, keşpleri bolsa şol institutyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Aktýorçylyk sungaty” hünäriniň 3-nji we 1-nji ýyl talyplary janlandyrdylar.

Has dogrusy:
Görogly – Pena Arazdurdyýew
Jygaly beg – Kerim Ataýew, Mekan Durdyýew
Genjim beg – Ýolmyrat Saryýew
Ruh – Baýramhan Gaýyrow
Köse – Didar Annaýew
Däli Mätel – Aman Ataýew
Seýtek gyrma – Merdan Nazarow
Ene – Merjen Gylyjowa
Agaýunus – Çemen Maşadowa
Periler – Şerapat Kerimowa, Mahym Nuryýewa, Lälezar Saparowa, Meňli Döwletowa, Aýna Jumaýewa
Sazak – Bagtyýar Dolyýew
Mämmet – Sähetdurdy Annamuhammedow
Weli – Şatlyk Aşyrow
Pälwan – Kuwwat Dadylyýew
Rawy(dessançy) – Annasoltan Garlyýewa.

Şeýle-hem köpçülik sahnalarynda “Aktýorçylyk sungaty” hünäriniň 1-nji ýyl talyplary çykyş etdiler. Bu spektakl synçylar tarapyndan gowy garşylanyp, biragyzdan kabul edildi we teatryň repertuaryna girizildi.

Gurbandurdy AGALYKOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

“Aktýor ussatlygy we sahna dili”
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok