Garaşsyzlyk ýyllarynda gudratly ykdysady ösüş

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň halkymyz gaýtadan içerki daýanç sütünine eýe bolup, döwlet Garaşsyzlygynyň şertlerinde öz durmuşynyň many-mazmunyna we taryhy geljegine göz ýetirdi» diýip, aýratyn belleýär. Pederlerimiziň özbaşdak döwletli bolmak arzuwynyň amala aşmagy türkmen halkynyň garaşsyzlyk ruhuny artdyryp, ösüşli geljegi gurmaga özboluşly güýç döretdi. Özbaşdaklygyň ilkinji ýyllarynda dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çeken Garaşsyz Türkmenistan atly ýaş döwletiň öňünde içeri hem-de daşary syýasaty guramak bilen bagly meseleleriň ör boýuna galmagyna garamazdan öňdengörüjilikli we netijeli çözgütler kabul edildi.

1991-nji ýylda Garaşsyzlyk alandan soň, ýaş Türkmen döwleti taryhy tejribä, milli mirasa we bar bolan çeşmelere daýanýan milli ösüş modelini saýlamak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ykdysady garaşsyzlygy pugtalandyrmak üçin, ýurduň esasy tebigy baýlyklaryndan biri bolan tebigy gazyň ägirt uly ätiýaçlyklaryndan pul gazanmagyň ýollaryny kesgitlemek möhümdi. Merkezi Aziýa – Merkez turbageçiriji ulgamy köp ýyllaryň dowamynda türkmen gazyny Russiýa we Ýewropa ibermegiň ýeke-täk ýoly bolupdy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistan energiýa gorlaryny halkara gaz bazarlaryna dürli ýollar bilen ibermek üçin, öz köpugurly turbageçiriji ulgamyny döretmäge çalyşdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Söwda halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetde özgertmeleri, bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, milli Liderimiziň gazanýan üstünliklerimizi bu gün tutuş dünýäde bar bolan görkezijiler we maglumatlar bilen deňeşdirmelidigimiz baradaky görkezmesinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň wezipämiz jemgyýeti hem-de demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmäge tarap yzygiderli we maksada okgunly gitmekdir. Biziň amala aşyrmaga girişen ähli özgertmelerimiziň bir maksady bardyr, ol hem milli ýolumyzy saklap galmak bilen, dünýäniň ykdysady ulgamyna mümkin boldugyça sazlaşykly ösdürmekdir.        

Häzirki wagtda ylym-bilim döwletde diňe bir ykdysady pudaklaryň ösüşüni üpjün etmän , ol adam ykballarynyň jemlenen ulgamy hükmünde hem häsiýetlendirmek bolýar. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman we Mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlary aýdýarys! Goý, onuň jany sag, başy dik we il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

.

Aýna Sätgeldiyewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok