TTweII täze reýting sanawynda

Ýurdumyz boýunça ilkini gezek Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzýän «Times Higher Education World University Ranking» (https://www.timeshighereducation.com/world-university-rankings/2022) atly halkara guramasy tarapyndan iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 2022-nji ýyl üçin işlenilip taýýarlanan sanawyna habarçy agza hökmünde girizildi.

Institutda işlenip taýýarlanylan 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda hem hut şu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Meýilnama laýyklykda, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribeler esasynda okuw hem-de ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň taýýarlygyny döwrebap derejede kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar.

Ilkinji hatarlarynda Oksford, Garward uniwersitetleri ýaly dünýä meşhur bilim ojaklary ýerleşýän bu abraýly sanawa goşulmak üçin institutda talyplardyr professor-mugallymlaryň halkara akademiki alyş-çalşy ýola goýuldy, okuw-usulyýet işlerine häzirki zamanyň iň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleri öz ylmy işlerini halkara derejeli ylmy žurnallarda çap etmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly hem sanawa goşulmak üçin görkezilýän şertleri berjaý etdiler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 09.09.2021ý. sanynda hem görmek bolar.

«Times Higher Education» ( THE ) – ýokary bilim bilen baglanyşykly täzelikler we meseleler barada ýörite habar berýän žurnal. Ol uniwersitet reýtingleriniň ýyllyk neşiridir.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «AD Scientific Index» Alper-Doger ylmy görkezijisiniň (https://www.adscientificindex.com/) sanawynda hem öz ýerini aldy. Bu gurama uniwersitetlere baha berýän beýleki ulgamlardan tapawutlylykda, ylmy görkezijilere we aýry-aýry alymlaryň ylmy öndürijiliginiň goşmaça bahasyna esaslanýan reýting we derňew ulgamydyr. Mundan başga-da, baglanyşykly alymlaryň ylmy aýratynlyklaryna esaslanýan edaralaryň reýtingini berýär. Şeýle-de, munda akademiki hyzmatdaşlygy hem bardyr. Ol Alymlaryň profilinde görkezilen ylmy gyzyklanma ugurlary, dürli ýurtlardan we edaralardan gelen beýleki alymlar üçin akademiki hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin elýeterlidir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Pirnazar Rejepow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok