Waspy ýüreklerimizde orun tutup, şirin owazly aýdym bolup ýaňlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz 30 ýylyň içinde ösüş-özgertmeleriň, täzelikleriň bady bilen gaýnap joşýar. Çünki, batly gadamlar bilen öňe barýan agzybir türkmen halky türkmeniň taryhyna altyn sahypalary ýazjak ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýramyny toý-şowhuna besläp, deňsiz-taýsyz baýram edip belläp geçer.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyz ýene bir uly syýasy üstünligimiz bolup, dünýä doldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, 25 döwletiň awtordaş bolmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp wakalaryň boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Bitaraplygy ugur edinýän daşary syýasaty dünýä bilelişigi tarapyndan ykrar edilen, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülen Türkmenistan özüniň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen halkara gatnaşyklar ulgamynda uly abraýa we orna eýe boldy. Ýurdumyzyň özboluşly daşary syýasaty, onuň hemişelik Bitaraplygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gollanma eýedir. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy üpjün etmegiň we geosyýasy deňagramlylygyň saklanmagynyň esasy girewiniň biri hökmünde ykrar edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli, giň gerimli işler amal edilip, türkmen halky döwletli-döwranda, eşretli durmuşda ýaşaýar we şanly Garaşsyzlygymyzyň hözirini görýär. Häzirki wagtda bagtyýar halkymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň baýramçylygyna taýýarlykly barşy, baýramçylyk şatlygynyň gözbaşynda duran galkynyşly ösüşler ähli ulgamlar boýunça ýetilen uly sepgitler, gazanylýan guwandyryjy netijeler, Garaşsyzlygymyzyň beren miwesi türkmen halkyny buýsandyrýar.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler