ÝHHG «Akylly şäherler» bilen bagly onlaýn-seminar geçirdi

Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi «akylly şäherleriň» (Smart cities) oňyn tejribesini we ölçeglerini ilerletmek, geljegini hem-de wehimlerini ara alyp maslahatlaşmak we energiýanyň dikeldilýän görnüşleri ulgamyny ösdürmek boýunça halkara onlaýn-seminar geçirdi.

ÝHHG-niň ýurdumyzdaky merkeziniň habar bermegine görä, üç gün dowam eden seminara Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Onlaýn seminarda sebitde intellektual energiýa ulgamlaryny ösdürmegiň, «ýaşyl» sertifikatlary ornaşdyrmagyň we ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Belarussiýadan gatnaşan iki bilermen häzirkizaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, düzümleriň barlaglarynyň we çaklamasynyň, şeýle hem alternatiw we durnukly energiýa üpjünçiligini goldamagyň usullaryny görkezdiler.

Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor öz çykyşynda «Akylly we durnukly şäherler daşky gurşawa oňyn täsir edýärler, çünki howa CO2 goýberilişi azalýar, energiýanyň alternatiw çeşmeleri ösdürilýär» – diýip belläp geçdi.

Bize mälim bolşy ýaly ýurdumyzda adamlaryň durmuşy üçin has amatly ilkinji «akylly şäher» Ahal welaýatynyň çäginde gurulýar. Täze merkez Ahal welaýatynyň çäginde ýagny Köpetdagyň eteginde gurulýar. Bu «akylly şäher» merkezinde tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanylar. Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin saýlanan ýeriň ekologiýa ýagdaýyny, seýsmiki we beýleki görkezijilerini alymlar jikme-jik öwrendiler.

Döwletgeldi ÇARWAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok