Wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi

2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Haý Al Hamelin bilen wideoaragatnaşyk arkaly “Zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugrunda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk” atly onlaýn okuw sapagy geçirildi. Talyplar bilen pikir alyşmak hem-de bu ugurda jemgyýetçilik gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen geçirilen onlaýn okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Gülbahar ÖWEZNIÝAZOWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary  institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok