17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi hem-de hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramadyr. Guramanyň ýokary edarasy döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi bolup, onuň mejlisi her ýyl geçirilýär. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine Hindistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy girýär. Birnäçe döwletler ŞHG-niň ýanyndaky dialog boýunça synçynyň we hyzmatdaşyň hukuk ýagdaýyna eýe bolup durýar.
Duşenbedäki sammit gurama agza ýurtlaryň Liderleriniň — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hanyň hem-de ŞHG-niň ýanynda synçy derejesine eýe bolan döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň, şol sanda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň (sanly ulgam arkaly) gatnaşmagynda geçirildi.
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Sammite gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Mejlise sebit guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda GDA-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.
Çeşme: “Turkmenistan Altyn asyr”
Teswirler