Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitiniň çäginde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen ýygnakda ýurtlaryň arasyndaky tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Eýranyň energetika komissiýasynyň resmi wekili Mustafa Nahaýeý Türkmenistandan tebigy gazyň importyny gaýtadan dikeltmäge çagyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan birnäçe döwletlere şol sanda Eýranyň goňşy döwletleri bolan Türkiýä hem-de Yraga tebigy gaz eksport edýär. Mustafa Nahaýeý öz sözünde “Türkmenistan bilen tebigy gaz söwdasynyň bes edilmegi Eýrana zyýan ýetirenligini” belläp geçdi. Gelinen netijä görä, Nahaýeý gazyň import edilmegi ýurduň energiýa howpsuzlyk syýasatyna garşy gelmeýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyna tebigy gazyň eksportuny täzeden dikeltmegi ýurtda gyş möwsüminde bolup biljek tebigy gaz ýetmezçiliginiň belli bir böleginiň öwezini dolar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny bes etdi. Bes edilmeginiň esasy sebäbi bolsa eksport edilen tebigy gazyň töleginiň ýapylmanlygydy. Şol sebäpli töleg meselesi boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni Halkara Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga mejbur boldy. 2020-nji ýylda bu mesele Türkmenistanyň haýryna çözüldi.
Mekan ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler