“Witol” halkara söwda şereketi we Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” kompaniýasy bilen Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly ýylda 1 million tonna türkmen nebitini daşamak barada ylalaşyk baglaşdy. Bu ylalaşyk şu ýylyň oktýabr aýyndan durmuşa geçirilip başlanylar.
Mundan öň, Türkmenistandan satyn alynýan nebit Nowosibirskä çenli Russiýa Federasiýasynyň derýadyr deňiz portlarynyň üsti bilen tankerler, ondan aňryk bolsa nebit geçirijisi arkaly daşalýardy. Indi Şweýsar-Golland “Witol” şereketiniň şu ugur boýunça daşamaly çig malynyň mukdary iki esse azaldar.
Belläp geçsek “Witol” şereketi uglewodorod çig mal söwdasy boýunça dünýäniň öňdebaryjy şereketleriniň biri bolup durýar. Şereket türkmen “gara altynyny” daşamakda öňdebaryjydyr.
Birnäçe wagt mundan ozal, Azerbaýjanyň “SOCAR” şereketi ozal Russiýaly we Türkmenistanly köp sanly şereketi işe çekmek bilen, Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan geçirijisi arkaly nebit daşalyşyny artdyrmak isleýändigini mälim edipdi.
Nebit satyn alýan kompaniýalar söwda amala aşyranda, satyn alynýan çig malyň hilini we tygşytly daşama ugurlaryny göz öňünde tutýandygyny bellemelidiris.
Selbi BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler