Tatarystan Respublikasynda «Medeniýetler mozaikasy» atly nobatdaky etnokonfessional festiwal geçdi. Çäre Tatarystan halklarynyň Assamleýasy we Dostluk öýi, Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi we Kazan şäheriniň häkimligi, Tatarystanyň paýtagtynda okaýan türkmen talyplary tarapyndan guraldy. Tatarystan halklarynyň Assamleýasy we Dostluk öýi Tatarystanyň paýtagtynda okaýan türkmen talyplary tarapyndan guralan «Dostluk» tans ansamblyny dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy.
«Dostluk» tans ansambly “Medeniýetler mozaikasy” festiwalynyň tomaşaçylarynyň öňünde türkmen halkynyň medeni däpleriniň ruhy tejribesi we döredijilik mümkinçiligi bilen sazlaşykly birleşmesini ýüze çykarýan, milli sungatyň özboluşly nusgasy bolan «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler.
“Dostluk” ansambly özboluşly türkmen halk döredijiligini indi köpden bäri Kazanda üstünlikli görkezip gelýär we birnäçe gezek milli medeniýetimizi Tatarystan Respublikasynda geçirilýän çärelerde ýokary derejede görkezmegi başardylar.
Eneş ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler