«Birleşen Arap Emirliklerine maýa goýumy» atly wideomaslahat geçirildi

17-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy BAE-niň döredilmeginiň 50 ýyllygyna we geljekki ýarym asyrda döwlet ösüş maksatnamasyna bagyşlap «Birleşen Arap Emirliklerine maýa goýumy» atly wideomaslahat gurnady.

Bu maslahata Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Wideomaslahaty Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Abdulaziz Al Haşemi açdy.

Maslahata gatnaşýanlara tanyşdyrylyşda Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýetiniň hyzmatdaşlyk üçin has amatly ugurlary görkezildi. Esasy ünsi çeken mowzuk bolsa «Ýaşyl ykdysadyýet» boldy. Sebäbi Dubaý dünýäde  energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine göni iri maýa goýýan döwletleriň biridir. Ýerli bilermenleriň hasaplamalaryna görä, gün energiýasy ýaly ulgam 2030-njy ýyla çenli täze iş orunlarynyň 160 000-sini döreder. BAE energiýa serişdelerine garaşlylygy azaltmagy we  bilimlere daýanýan ykdysadyýetiň birnäçe ugurlaryny işjeň ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleri Nanotehnologiýalar ulgamy boýunça hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Bu ugur BAE-niň innowasion işläp taýýarlamalary önümçiligie ornaşdyrmak boýunça strategiýasy netijesinde gurluşykda ulanylýan önümçilik işlerini we serişdeleri has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Kowus AGAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok