Türkmen — Amerikan hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasynyň» 20 ýyllygyna bagyşlanyp internet üsti arkaly türkmen-amerikan halkara maslahaty bolup geçirildi. Bu gaýybana maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Onlaýn ýagdaýda geçirilen maslahata Amerika tarapdan AFSP komitetiniň, Kongress kitaphanasynyň, San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, Bütindünýä miras gaznasynyň, Bütindünýä ýadygärlikler gaznasynyň, Gündogar institutynyň, Dokma önümleri muzeýiniň, «Dokma önümçiligi barada alada» guramasynyň wekilleri şeýle hem Türkmen tarapdan bolsa Medeniýet ministrliginiň, Teleradioýaýlymy we kinomatografiýa boýunça döwlet komitetiniň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirliginiň, Taryh we arheologiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýu Klimou açdy. Ol iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdi. Maslahatda Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamak boýunça dürli taslamalarda hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylandan soň, maslahata gatnaşýanlar türkmen we amerikan guramalarydyr bilermenleriniň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýollaryny bellediler.

Batyr ÖDÄÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok