Sanly ykdysadyýet ýurduň durnukly ösüşiniň möhüm binýadydyr

Bekarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti özüniň pajarlap ösüş döwrüni başdan geçirýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” ýerine ýetirilmeginde esasan şu aşakdaky wezipeleri berjeý etmeklik zerurlyklary bar:

  1. Sanly ykdysadyýetiň hereket etmeginde şahsy maglumatlaryň eldegrilmesizligini üpjün etmek;
  2. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň içerki bazarynyň ösüşini höweslendirmek;
  3. Ilatyň dürli gatlaklarynda ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagy üçin täze mümkinçilikler döretmek;
  4. Ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş ulgamlarynyň sanlaşdyrylmagyny gazanmak;
  5. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we Internet ulgamynyň ösdürilmeginde maýa goýumlary çekmäge şertleri döretmek;
  6. Jemgyýetçilik hyzmatlary babatda programma önümlerini döretmek, jemgyýetçilik ulgamlaryny sanlaşdyrmak.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnalogiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär.

Sanly ykdysadyýetiň esasy maksady döwletiň, milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýetiň institutlarynyň netijeli ösdürilmegi üçin amatly guramaçylyk  hem-de kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmekden, şeýle hem ähliumumy sanly ekoulgamynyň emele gelýän şerlerinde milli ykdysady şertleri (aktiwleri) dolandyrmagyň ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Sanly ykdysadyýetiň esasy ýörelgeleri:

  • Ähliumumy sanly giňişligiň emele gelýän şertlerinde ýurduň tehnologiýa babatynda öňdebaryjylygyny üpjün etmek;
  • Ähliumumy sanly giňişligiň emele gelýän we ösýän şertlerinde önümçilik pudaklarynyň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini täzeçe guramak;
  • Bar bolan we täze döredilýän ykdysady serişdeleri dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak;
  • Döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem ilatyň sanly intellektual tehnologiýalaryndan peýdalanmaklary üçin şertleri döretmek;
  • Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek, ornaşdyrmak we ulanmak bilen bagly täze iş orunlaryny döretmek;
  • Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli ugurlarda ornaşdyrylýandygyndan ugur alyp, bilim ulgamyny kämilleşdirmek.

Döwletmiziň sanly ykdysadyýete öz wagtynda we üstünlikli geçmeginiň girewi bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmekdir. Ähliumumy ýokary tizlikli telearagatnaşyk ulgamlarynyň ähli raýatlar we ykdysadyýetiň pudaklary üçin elýeterli bolmagy kabul edilen Konsepsiýada göz öňünde tutulýan wezipeleriň amala aşyrylmagynyň esasyny düzýär.

Saparow Ýazguly,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Maliýe” kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok