Maliýe ulgamynyň ylmy nazaryýet we amaly jähtde kesgitlenilmegi

Türkmenisanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýeti, şeýle hem durmuş çärelerini üpjün etmekdäki alyp barýan ykdysady syýasaty maliýe özgertmelerini amala aşyrmakda esas bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän döwlet maliýe syýasaty türkmen jemgyýetiniň durmuş-ykdysady meseleleriň çözülişine kybap gelýär. “Halkara maliýe ulgamyna goşulmak”, “Býujet ýetmezçiligini aradan aýyrmak”, “Maliýe durnuklylygyny üpjün etmek” babatda geçirilýän maliýe syýasatynyň baş maksatlary hökmünde kabul edilmegi, oňyn netijeleri berýär.

Ykdysady subýektlerde girdejileriň emele gelişiniň usullaryna laýyklykda maliýe ulgamyny merkezleşdirilen we merkezleşdirilmekdik maliýe çygyrlaryna bölünýär. Pul gatnaşyklarynyň gurluşynyň görnüşi hökmünde maliýe ulgamyny üç kiçi ulgama bölmek bolýar, olar şu subýektlerde maliýe serişdeleriniň emele gelişini we peýdalanylyşyny üpjün edýär:

  1. Döwletde we öz-özüni dolandyryş edaralarda
  2. Ilatda
  3. Ykdysady subýektlerde

Merkezleşdirilen maliýaniň düzümine, döwlet maliýesini we ýerli öz-özüni dolaandyryş edaralarynyň maliýesi degişli edilýär. Merkezleşdirilmedik maliýaniň düzümine öý hojalyklarynyň maliýesi we ykdysady subýektleriň maliýesi degişlidir. Döwlet maliýesiniň düzümine býujet ulgamyny we döwlet karzyny degişli etmek bolar. Býujet ulgamy bolsa, merkezi we ýerli býujetden, hem-de býujetden daşarky gaznalardan ybaratdyr. Ykdysady subýektleriň maliýesi täjirçilik kärhanalaryň, täjirçilik däl guramalaryň we maliýe araçyllaryň maliýesinden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň 1-nji maddasynyň 26-njy böleginde Türkmenistanyň býujet ulgamy ähli derejedäki býujetleriň ykdysay gatnaşyklara we Türkmenistanyň döwlet gurluşyna esaslanýan jemi hölmünde kesgitlenilýär. Býujet ulgamynyň maliýe serişdeleri döwlet eýeçiliginiň ýa-da ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygyndadyr. Türkmenistanyň býujet ulgamynyň işi Türkmenistanyň Býujet kodeksi bilen tertipleşdirilýär. Kodeksiň 7-nji maddasyna laýyklykda Döwlet býujeti işlenilip düzülýär, kabul edilýär we ýurdumyzyň kanuny esasynda ýerli býujetler ýerli häkimýetiň wekilçilikli edaralarynyň çözgütleri görnüşinde tassyklanylýar.

Döwlet we ýerli häkimiýet maliýe ulgamynda özbaşdak düzüm bölegi hökmünde döwlet we ýerli häkimiýet karzy bölünip aýrylýar. Döwlet we ýerli häkimiýet karzlary býujet we býujetden daşary gaznalaryň serişdeleriniň hereket edişine we peýdalanylyşyna hyzmat edýär we şu görnüşde öz beýanyny tapýar:

  • Býujet ýetmezçiligini we býujetden daşarky gaznalary maliýeleşdirmeginiň usuly hökmünde;
  • Býujetden daşarky gaznalaryň býujetlerini ýerine ýetirmek üçin maliýe serişdeleri wagtlaýynça ýetmezçilik edende şol ýetmezçiligiň üstüni ýapmak üçin maliýe guraly hökmünde.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylynda, bu geçirilýän ykdysady syýasat ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini mundan beýläkde ynamly üpjün eder.

Ýazguly Saparow
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty, uly mugallym

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok