Garaşsyzlyk – Bitaraplyk: döwletlilik nyşany

Watan duýgusy, Watana bolan mukaddes söýgi bize pederlerimizden miras galypdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle aýtgy bar «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar». Ýagny, geçmişde merdana halkymyzyň eden yhlasy ençeme asyrlaryň küýseginden soň miwelerini berdi, bu mukaddes topragy goramakda, aýap saklamakda, geljekki nesillere miras galdyrmakda pederlerimiziň eden janypkeşligi ýerde galmady. Netijede, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ata-babalarymyzyň arzuwy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin!» diýen täsirli jümlelerinde jem bolup, ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazandy.

Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan bagt nury bolup dogdy. Garaşsyzlygyny gazanmak bilen, dünýä kartasynda täze emele gelen döwlet hökmünde Türkmenistan Diýarymyzyň goýnunda halkymyz milli baýlyklaryna eýe boldy, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik aldy.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyz ýene bir uly syýasy üstünligimiz bolup, dünýä doldy. 1995-­nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, 25 döwletiň awtordaş bolmagynda BMG-­niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp wakalaryň boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-­niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa gaýtadan ikinji gezek 193 döwletiň goldamagynda ykrar edildi. Bu halkara resminama dünýäniň 47 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Bitaraplygymyz hem Garaşsyzlygymyz deýin merdana halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlan mukaddesligidir.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny barha belende götermek ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok