Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ferhar” hojalyk jemgyýeti şu ýyl banandan 70 tonna hasyl almagy meýilleşdirýär. Geçen möwsümde hojalyk jemgyýeti tarapyndan bananyň 60 tonna golaýy ýygnaldy.
“Ferhar” hojalyk jemgyýeti Sakarçäge etrabynyň “Geňeş” daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 1,32 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Bu ýerdäki ýyladyşhanalarda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Bu ýerde bananyň “Grand Nain” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Bu ýerdäki döwrebap ýyladyşhanada 2 müňe golaý bananyň düýbi bar bolup, olar 4–5 aýda doly bişip ýetişýärler. Her düýpdäki hasyllylyk ortaça 35–40 kilograma ýetýär. Ýeri gelende belläp geçsek, “Ferhar” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup banany senagat möçberinde ösdürip ýetişdirmegi ýola goýan kompaniýadyr. Hojalyk jemgyýeti bu işe 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlap, 2019-njy ýylyň martynda bananyň ilkinji hasylyny aldy.
Mehriban MATÝAKUBOWA,
D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler