Bilim edaralarynda howanyň üýtgemegi baradaky kitaplar peýda bolar

Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligine howanyň üýtgemegi baradaky «Ladybird Expert — Howanyň üýtgemegi» atly kitabyň 7 müň nusgadan köprägini berdi. Bu kitap ýazlyp, iňlis we türkmen dillerine terjime edilen we ýakynda mekdeplerde we paýtagtyň bilim merkezlerine paýlanar.

Kitap «Ladybird Books» neşirçilik şereketi tarapyndan çap edilip, ulular we ýaşlar üçin adamzadyň iň möhüm meseleleriniň biri howanyň üýtgemegine sada, şol bir wagtyň özünde-de maglumat beriji girişdir. Okyjylar üçin neşir edilen kitapda howanyň maýyllaşmagy bilen baglanyşykly howply meseleleri, howanyň ýylylyk tolkunlarynyň, daşgynlaryň, şeýle hem howa şertleriniň adatdan daşary bozulmagynyň sebäplerini we netijelerini düşündirýär, ýitip barýan ýabany tebigaty beýan edýär we bu meseleleriň mümkin bolan çözgüdini öwrenýär.

«Ladybird Expert — Howanyň üýtgemegi» atly kitabyň awtory Wels şazadasy tarapyndan ýazylyp, tutuş dünýäde ykrar edilendir. Kitaby ýazmak baradaky pikir Çarlza 2015-nji ýylda Parižde geçen howa boýunça Bütindünýä Maslahata gatnaşandan soň gelipdir. Şol ýerde bu mowzuga degişli sadadan düşnükli edebiýatyň ýokdugyna üns beripdir. Wels şazadasynyň ýazan bu kitabyna Kembrij uniwersitetinden howaşynas alym Emili Şakburg we daşky gurşawy goramak boýunça hünärmen Toni Juniper hem şärik bolupdyr. Taýýarlanan golýazmalar patyşalyga degişli howaşynaslyk jemgyýetiniň alymlar topary we tejribeli howaşynaslar tarapyndan gözden geçirilip, diňe şondan soň çap etmäge berlipdir.

Kitap mekdep okuwçylary, talyplar we ýaşlar şeýle-de uly ýaşdakylar üçin howanyň üýtgemegi barada gymmatly çeşme we iňlis dil bilimini kämilleşdirmäge ýardam etjek gural bolar.

Gurbansähet ALLAGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok