Birleşen Milletler Guramasynyň Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk güni – BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen 2004-nji ýyldan bäri her ýylyň 19-njy dekabrynda bellenilýär. 1978-nji ýylyň bu güni BMG-niň Baş Assambleýasy ösýän ýurtlaryň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Buenos Aýresiň hereket meýilnamasyny tassyklady. 2011-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 66/550-nji karary bilen, 2012-nji ýyldan başlap bu günüň 1978-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maslahaty tarapyndan kabul edilendigini hatyrlamak üçin Buenos Aýresiň ösýän ýurtlarynyň ösüş meýilnamasy we ösýän ýurtlaryň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek maksady bilen 19-njy dekabrdan 12-nji sentýabra yza süýşürilmegi barada karar berdi.
Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy ösýän ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy aňladýar. Baş Assambleýanyň karary ösýän ýurtlaryň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy üçin esasy jogapkärçiligiň bardygyny ykrar edýär, şol bir wagtyň özünde ösýän ýurtlara hyzmatdaşlygy giňeltmekde halkara jemgyýetçiliginiň goldaw bermelidigini nygtaýar. Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny asla çalyşmaly däldir.
BMG-niň Baş sekretary 2005-nji ýylda Günorta-Günorta Hyzmatdaşlyk gününe bagyşlanan ýüzlenmesinde ösýän ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda gazanylan möhüm üstünlikleri belläp, hyzmatdaşlygyň potensialynyň tükeniksizdigini görkezýär.
.
Döwlet Jumagylyjow,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň halkara ykdysady
gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Teswirler