Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

7-nji sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň dowamynda garalmagyna hödürlenilýän meseleler barada maglumat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi we Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, onuň işinde garaljak meseleleri kesgitlemäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabatlar diňlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde boljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Kerim Hudaýkulyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok