Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa aradan çykdy.

Roza Saparowna Töräýewa 1938-nji ýylyň 9-njy aprelinde Mary şäherinde eneden bolýar. Ýaşlyk ýyllaryndan başlap onuň aýdym-saza bolan söýgüsi we zehini duýulyp başlaýar. Şol sebäpli hem Roza 1956-njy ýylda Aşgabat şäheriniň şol wagtky opera we balet teatryndaky sazçylyk mekdebine okuwa girip, ony 1960-njy ýylda tamamlaýar. Häzirki wagt ol sazçylyk mekdebine Daňatar Öwezowyň ady dakylandyr.

Okuwy tamamlanyndan soňra, Roza Töräýewa 1960-1989-njy ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda zähmet çekýär. Işlän döwürlerinde bolsa, ol dünýä klassikasynyň iň esasy böleklerini ýerine ýetirýär.

Olardan bolsa, kompozitorlar J.Werdiniň “Rigolettosyny” we “Trawiatasyny”, J. Bizeniň “Karmenini”, şeýle – hem “Şasenem-Garyp”, “Leýli-Mejnun”, “Zöhre-Tahyr, ” Daňatar we Ogulbeg” ýaly beýik türkmen operalaryny hem mysal getirsek bolar.

Ýerine ýetiren keşpleri we medeniýetde bitiren işleri üçin Roza Töreýewa 1972-nji ýylda TSSR-iň “At gazanan artisti” diýen hormatly at we 1984-nji ýylda TSSR-iň “Halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar.

Roza halypa 1989-2001-nji ýyllar aralygynda Mylly Täçmyradow adyndaky filarmoniýasynda zähmet çekendir. Onuň ýetişdirip, sungat ummanyna goýberen ýüzlerçe şägirtleriniň ilkinjilerinden we iň meşhurlyk gazananlaryndan biri hem “Ýylyň parlak ýyldyzy” Leýli Ökdirowadyr.

Şägirtleriniň aýtmagyna görä, Roza Töräýewa elmydama açyk göwünli, mylakatly we döwrebep zenan bolupdyr.

Goý halypamyzyň ruhy şat, jaýy Jennetde bolsun!

Amandursun Hojaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok