«Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan yglan edilen üstümizdäki ýylda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem-de merdana, zähmetsöýer halkymyz üçin şöhratly hem-de taryhy senedir. Çünki, biziň ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň, bagtyýar durmuşymyzyň, mahlasy, ähli gowy zatlarymyzyň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyz durýar.
Halkymyza Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni – ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň: “Goý Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!” diýen dürdäne sözlerinde jemlenen arzuwlar her bir günümiziň, aýymyzyň, ýylymyzyň ajaýyp hakykaty bolup dabaralanýar.
Agzybirligi ýörelge edinip, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglaly nurundan joşgun alýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen ylham alyp ýaşaýar, döredýär, gurýar, ýeňişleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da uly tutumlara, taryhy wakalara, ýatda galyjy dabaralara beslenjekdigini uly buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr.
Goý, asudalygyň, parahatçylygyň Watany bolan eziz Diýarymyzy belent ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun!
Ahmet ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler