ALTYN EÝÝAMYŇ BAŞLANÝAN GÜNI

1991-nji ýylyň sahawatly güýzi türkmen halkyna uly bagty peşgeş berdi. Özygtyýarlylygyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen döwleti öz kämillik ýoluny saýlap, beýik ynam bilen öňe sary gadam basdy. Geçen sanlyja ýylyň içinde halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy milletimiziň ruhuny galkyndyryp, ösüşiň täze basgançaklaryna tarap giň ýol açdy. Hut şonuň üçin hem şanly Garaşsyzlyk toýuny halkymyz altyn eýýamyň başlanýan güni hökmünde dabaraly garşylaýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk bu döwlet berkararlygydyr, ykballaryň gülleýşi, arzuwlaryň wysaly, ösüşleriň özeni hem-de bagtyýarlygyň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk halkyň ak ýoludyr.

Taryh hiç haçan üýtgemeýär. Diňe taryha bolan garaýyşlar üýtgeýär. Ýurduň abadançylygy, il-günüň bagtyýar durmuşy üçin sarp edilýän gijeler halkymyz üçin ýagty gündiz bolup gaýdyp gelýär. Biz bu gün Garaşsyz Türkmenistanyň raýatlary. Şu döwürde pederlerimizden gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup, özümize dolandyk. Dünýäniň belent münberlerinde öz sözümizi diýdik, öz ýüzümizi görkezdik. Asudalyk, abadançylyk, ynanyşmak başlangyçlaryny öňe sürdük, olary ykrar etdirmegi başardyk.

Ýoly ýörän ýeňer, üstünlik we bagt hereketdir maksadyň bar ýerindedir. Türkmenistanyň aýdyň maksada, Zeminiň bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen hereketidir başlangyjy bilen, 2021-nji ýyl dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär, ýurdumyzda bolsa bu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen atlandyryldy. «Parahatçylyk» we «ynanyşmak» diýlen sözler her bir adamyň kalbyny ýyladýan bolsa, «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» jümlesi millionlarça adamyň, tutuş Watanyň ýüregine nur çaýýar. Sebäbi, öňräk dana gojalarymyzyň biriniň aýdyşy ýaly, «parahatçylyk» we «ynanyşmak» diýlen sözde ähli gowulyklar jemlenýär, oňa ähli halklaryň, tutuş dünýäniň abadançylygy, rahatlygy, agzybirligi, saglygy, bagtyýarlygy, garaz, hemme zat girýär. Diýmek, onda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen söz beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Maksat ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Talyplar sport
klubynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok