«Garaşsyzlyk» sözüniň aňyrsynda uly many ýatyr. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk, doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes Watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.
Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň aşa oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde özüni tutdy hem-de berk, ynamly ädimler bilen öňe tarap ugur aldy. Hiç bir zat esassyz bolmaýar. Belent mertebeli Prezidentimiziň kabul edýän her bir Kararynda, daşary ýurtlara edýän saparlarynda, daşary ýurtlardan gelýän döwlet ýolbaşçylaryny kabul edişliginde her bir maşgalanyň, her bir raýatyň şahsy bähbidi bar. Ol bähbit her bir ojagyň ýylysynyň artmagyna, her bir raýatyň baýamagyna, ýaşaýyş goraglylygyna, erkana, bagtyýar hem dostana ýaşamagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaňy-ýakynda, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda bu hakykat has-da açyk-aýdyň ýüze çykdy. Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi. Onuň Türkmenistanda geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň we döwlet Baştutanymyzyň sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Bize şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy ýagty geljege, şöhratly gadamlara, belent sepgitlere, beýik ösüşlere alyp barýan tutumly, döwletli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!
Maksat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Talyplar sport
klubynyň başlygy.
Teswirler