Türkmenistan Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeltdi

30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi.  Bu barada TDIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki-Ymamnazar-Аkina-Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda bolsa Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Häzirki wagtda bu ýerde tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok