Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar.
Geçirilen duşuşykda taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sanitariýa-epidemiýa kadalaryna laýyklykda, «Ymamnazar-Akina» gümrük gözegçilik nokadynyň işini güýçlendirmek ugrunda ylalaşdylar.
Owgan tarapy zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek babatda türkmen tarapynyň dostlukly goldawyny kanagatlanma bilen kabul etdi. Bu barada TDIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Teswirler