Türkmenıstanyň DIM-de Ýaponıýanyň ilçısı bilen duşuşyk geçirildi

26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

İkitaraplaýyn söhbetdeşligiň barşynda türkmen-ýapon özara hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok