Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläkde ösdürmek babatdaky işleriň şu günki ýagdaýyna, esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen täze, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok