Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini ornaşdyrmak babatynda alyp barýan işlerini kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Teswirler