Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk oňyn we işjeň ýagdaýda geçdi. Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda iki döwletiň arasyndaky taryhy hem-de medeni, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmek boýunça maslahatlar geçirildi.
Teswirler