ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden owgan bosgunlaryna kömek bermek üçin 500 million dollar fond bölünip berlendigini habar berdi. Ak Tam tarapyndan duşenbe güni berilen beýanatda, Baýdeniň “Owganystandaky ýagdaý sebäpli bosgunlaryň, çaknyşyklaryň pidalarynyň we beýlekileriň garaşylmadyk gyssagly migrasiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin gyssagly bosgun gaznasyny ulanmagy makullady” -diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti bu pullaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we haýyr-sahawat gaznalarynyň üsti bilen ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, bu ABŞ-nyň owgan bosgunlary üçin ilkinji maliýe serişdesi däl. Sebäbi geçen aý Baýden administrasiýasy Owganystandaky wakalary göz öňünde tutup bosgunlar üçin 100 million dollar gyssagly gaznanyň bölünip berilendigini habar berdi.
Teswirler