Ýaşlaryň arasynda “Earthbeat Challenge” atly halkara wideo bäsleşigi geçirilýär

2022-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG-niň Glazgoda (Beýik Britaniýa) açyljak Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlaryň arasynda “Earthbeat Challenge” atly halkara wideo bäsleşigi geçirilýär.

Bu halkara wideo taslamasy “Tebigat bilen deňagramlylygy dikeltmek” mowzugynyň çäginde geçirilýär. Taslama dünýä ýaşlaryna munuň üçin zerur ýerlik, gural we bilim bermek bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin çäre görmäge mümkinçilik döretmegi maksat edinýär.

“Earthbeat” ýaşlara howa we tebigat bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp bilmekleri üçin, sanlar arkaly beýan ediş we galamgärlik endiklerini ösdürmäge mümkinçilik bermek maksady bilen işlenip düzüldi.

Bäsleşik 14 bilen 30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda geçirilýär. Bäsleşigiň şerti oba ýa-da şäher ýerlerinde biodürlüligi we ekosistemalary goramak hem dikeltmek ugrunda iş geçirmek bilen, klimat krizisine garşy göreşe eden goşantlaryny görkezýän üç minutlyk wideo döretmek bolup durýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli soragnamany doldurmaly we, oňa filmiňizi çatyp, earthbeat@youth4planet.org salgysyna ibermelidir. Halkara kazylar topary ähli arzalary gözden geçirer we iň gowy filmleri saýlar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar onlaýn formatda film döretmek boýunça kämilleşdiriş okuwyna gatnaşmaga we film döretmek üçin gerekli enjamlary (smartfonlar üçin daşky mikrofonlary we programma üpjünçiligini) almaga mümkinçilik gazanarlar. Filmi döretmäge gatnaşan ussat kinematografiýaçylar üçin aýratyn baýrak göz öňünde tutulypdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok