«Galam» täze okuw ýyly üçin mekdep esbaplaryny hödürleýär

Ýurdumyzda indi 15 ýyl bäri belli brendleriň kanselýar harytlaryny hödürleýän «Galam» dükany dört ýyl mundan ozal internet-hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady.

«Galam.tm» onlaýn-dükany arkaly islendik adama öýünden ýa-da edarasyndan çykmazdan mekdep esbaplaryny satyn almaga mümkinçilik berýär. Bu internet dükany ýurduň ähli sebitlerine hyzmat edýär. Ýetip gelýän täze okuw ýylyna gabatlap bu internet dükanynda mekdep onlaýn bazary guraldy, onda elýeter bahadan okuwçylar üçin egin-eşiklerdir flomasterlerden, reňkli heklerden başlap rýukzaklara, kiçijik okuwçylar üçin partalara çenli dürli mekdep esbaplary bar.

Platforma onlaýn düzgünde sargytlary kabul eltmegi we eltip bermegi üpjün edýär. Ykjam goşundy ýurduň islendik nokadynda sargydy karz karty ýa-da bank hasabynyň üsti bilen nagt däl, şeýle hem nagt görnüşde hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.

«Galam.tm» dükanynyň müşderileriniň sany günsaýyn artýar. Onlaýn dükanyň işgärleri belli günler — mysal üçin, her şenbede kitaplary, her ýekşenbede oýunjaklary 20 göterim arzanlaşyk geçirýärler.

Bu dükanyň ýene bir aýratynlygy – haryt satyn alnanda ball toplap, ony islän wagtyň ulanyp bolýanlygydyr. Saýtyň iki dilde – türkmen we rus dillerinde bolmagy alyjylar üçin amatlydyr.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok