Alty Garlyýew we Anatoliý Karpuhin: türkmen kinosynyň goşa sütüni

Kinoda  edebiýat, saz, teatr ýaly sungatyň birnäçe žanrlary jemlenýär. Şonuň üçin hem oňa: „Döredijilik toparynyň zähmetiniň miwesi“ – diýip, ynamly aýtsa bolar.  Ýazyjylar, žurnalistler we alymlar çeper ýa-da dokumental filmleriň düýp esasyny – ssenarisini ýazýarlar. Soňra şol edebi beýanatyň ekrana çykmagyna aktýorlar, kinooperatorlar, suratkeşler, kompozitorlar we kinomontažçylar öz goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hemmesiniň çeper gözlegleri we çözgütleri bir adamyň – kinorežissýoryň elinden geçýär.

Türkmenistanyň halk artisti, meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kinooperator Anatoliý Karpuhiniň  bilelikde çeken  zähmetleri şeýle hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasy. Olaryň döreden:  „Aýgytly ädim“ kinoepopeýasy, „Magtymguly“, „ Derýanyň aňyrsy – serhet“, „Mukamyň syry“ ýaly çeper filmleri türkmen kinosynyň altyn hazynasyna girdi.

Dogry, bu döredijilik ýoldaşlygyna üçünji bir hyzmatdaşy ─ meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň adyny hem goşmak mümkin. Olaryň üçüsi-de milli kinomyzy bütin dünýä tanadan:

Alty Garlyýewe tebigy tarapdan köp adamlardan düzülen topary bir maksada gönükdiriji we jebisleşdiriji güýç, ondan daşgary tutanýerlilik, erk, türkmen ýaşulylaryna mahsus pähimdarlyk berlipdi.

 A.A. Karpuhiniň ýatlamasynda bu barada şeýle diýilýär:

─ Eger men „Türkmenfilm“ üçin nämedir bir iş eden bolsam, ol, ilkinji nobatda Alty Garlyýewiň ady, onuň ýadawsyz zähmeti bilen baglydyr. Men onuň bilen baryp 1955-nji ýylda dostlaşypdym. Alty Garlyýew meni Türkmenistana işe çagyrypdy. Menem uly höwes bilen bu güneşli mekana geldim. Bu ýerde ýaşalan her gün, her sagat, edilen her bir iş meni türkmen topragyna örkledi. Iň esasy zat-da, adybelli režissýor, mylakatly ynsan, ýürekdeş dost hökmünde meni Alty Garlyýew goldaýardy, her ädimimde maňa uly hemýat berýärdi.

Alty Garlyýewiň kinodaky ilkinji rejissýorlyk ädimi bolan „Aýratyn tabşyrygy“ hem Anatoliý Karpuhin surata düşüripdi. Şundan soňra ol galjaň, her bir kadry öz göz öňüne getirişi ýaly derejä ýetýänçä kanagatlanmaýan režissýoryň işleýiş aýratynlyklaryny jikme-jik öwrenýär. Elbetde  bu öz gezeginde operatordan juda geçirimliligi, kanagatlylygy talap edipdi. Gije diýmän, gündiz diýmän surata düşürmek üçin görülýän yzygiderli taýýarlyklar, repetisiýalar, jöwza yssa, suwsuzlyga  ýa-da şatlama aýaza  parh goýman sungata  ýadawsyz hyzmat etmegi talap edýär. Başgaça aýdanyňda,  ýaş operator Alty Garlyýewiň ýanynda  tutuş ömrüňi bagş eden käriň hatyrasyny belent tutmagyň başga hiç bir okuw jaýynda okadylmaýan beýik durmuş uniwersitetiniň sapaklaryny geçipdi.

Gaýyn enem, meşhur opera aýdymçysy, SSSP-iň halk artisti Annagül Annagulyýewa bir gezek „Aýgytly ädim“ filminiň iň ýatda galyjy epizodlarynyň biri, ýagny, Aýnany elinden gideren Artygyň düşen çykgynsyz ýagdaýynyň nädip  surata düşürilişini maňa gürrüň berdi.

Alty Garlyýew şol parçany üýtgetmek barada ilki romaynyň awtory Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Kerbabaýew bilen  entek ssenariý ýazylýan wagtynda uzak jedelleşipdir. Režissýor çykgynsyz güne düşen Artygyň Aýnanyň yzyndan okdurylyp gidende dosty Aşyryň däl-de, diňe ejesiniň saklap biljekdigini Berdi Kerbabaýewe düşündirmägä jan edipdir. Berdi aga ahyrynda: „ Aý, bu Garly Çakanyň oglunyň kellesine bir pikir gelen bolsa, razylaşmakdan gaýry çäre tapylmaz!“ ─ diýip, ýaryjiler töweregi öýüne gaýdypdyr.

Ýöne şol epizody kino düşürmegem Alty Garlyýewe jebir baryny  çekdiripdir. Öňünde ellerini galdyryp, döş gerip keserip duran ejesiniň diýeninden çykyp  bilmän Artygyň gamyşlykda ýüzüni ýerden galdyryp bilmän pelesaň urup çabalanyp ýatyşy,  tüweleýiň edil deňziň tolkuny ýaly gamyşlygy ikiýana bulaýşy tomaşaçylaryň köpüsiniň ýadynda bolsa gerek. Şo pursatyň ýokardan- wertolýotuň üstünden surata alnyşy baş gahrymanyň içinde gopýan harasady örän ynandyryjy görkezýär.

Ýöne operator Anatoliý Karpuhiniň wertolýotyň açyk gapysandan ýarpy göwresini daşyna sallap şol kadrlary reňkli kinoplenýonka düşürenliginden tomaşaçylaryň köpüsi bihabardyrlar. Bu ýerde kinoçylaryň ýeke bir döredijilige, öz kärine däl, eýsem olaryň öz adamkärçilik borçlaryna, şahsy jogapkärçiligine-de näderejede wepalylydyklary görünýär.  

Alty Garlyýew soň-soňlaram:

─ Karpuhiniň eli kinokameraly asmandan başaşak sallanyp durşy göz öňüme gelende kellämiziň gyzgynyna gör nähili töwekgelçilige baş urandygymyz ýadyma düşýärdi we inim tikenekläp gidýärdi ─ diýip, öwran-öwran ýatlapdyr.

Şonça azap çekilip ekranlara çykarylan film ony döredenlere, tutuş türkmen milli kino sungatyna çäksiz at-abraý getirdi. Oňa bir ýylda 50 million adam tomaşa etdi. „Aýgytly ädimi“ dünýäniň onlarça ýurtlary satyn aldy. Ol Halkara  kinofestiwallarynyň, Orta Aziýa we Gazagystanyň kinoçylarynyň gözden geçiriliş-bäsleşiginiň, Hindi kino muşdaklarynyň Birleşiginiň baýraklaryna, sylaglaryna mynasyp boldy. 1966-njy ýylda bu filmi döredenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy gowşuryldy.

Iki ussadyň döredijilik hyzmatdaşlygy Alty Garlyýewiň ömrüniň iň soňky pillesine çenli dowam etdi. Makalanyň soňuny Anatoliý Karpuhiniň ýatlamasy bilen tamamlamagy makul bilýärin:

─ Birki günlükde-de Alty Garlyýew ikimiz „Mukamyň syrynyň“ montažy – filmi jemlemegiň iň soňky işlerine gümradyk. Ol öz galdawlyk endigine görä, täze kinonyň tomaşaça ýetmeli wagtyny tizleşdirmegiň aladasyndady. Ine, birdenem… türkmen topragynyň şirin mukamy üzülen ýaly bolaýdy ─ biz Alty Garlyýewi ýitirdik duruberdik. Gönümden gelsem, Alty Garlyýew bilen bilelikde bitirilen her bir  ekran eseri meni gelejege hyruçlandyrypdy, täze-täze hyýallara atarypdy.

Onuň özüniňem ajaýyp arzuwlary bardy.Ýöne haýp, hernäçe gynansakda biz şol arzuwlaryň wysal bolanyny görüp bilmedik. Türkmen kinematografiýasynyň ezber sazandasy özüniň iň soňky mukamyny çalyp, biziň bilen hoşlaşdy.

Onuň çalan mukamlarynyň owazy biziň, türkmen halkynyň, tutuş dünýäniň kinosöýüjileriniň gulaklaryndan  hergiz-hergiz gitmez.

Meniň ussat kinooperatoryň halypasy we ygtybarly kärdeşi hakda ýazan jümlelerine: „Hak  aýdylan sözler!“ ─ diýip,  ýene bir gezek tassyklasym gelýär.

 L. Garlyýewa

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy      

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok