Gökdepedäki pagta egriji fabrikde 46 million 218 müň 550 manatlyk önüm öndürildi

Gökdepe etrabyndaky pagta egriji fabrikde öndürilýän nah ýüplüklerine dünýä bazarynda isleg barha artýar. Geçen döwürde kärhanada 46 million 218 müň 550 manatlyk önüm öndürilip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, 149,6 göterim ösüş gazanyldy.

Kärhanada dürli belgili nah ýüplügiň ýüzlerçe tonnasynyň öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar. Şol döwürde pagta süýüminiň gaýtadan işlenilmegi netijesinde öndürilen ýokary hilli nah ýüplükler, esasan, tikin we trikotaž önümçiligine niýetlenendir. Olar daşarky bazarda uly islege eýedir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok