12-13-nji awgustda Daşkent şäherinde «Ýaşlary ählumumuy hereketlere çekmek» atly ýaşlaryň hukugy boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Maslahata ýurtlaryň we halkara guramalarynyň 30-syndan 500-den gowrak wekil gatnaşdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny mundan beýläk ösdürmek boýunça Konsepsiýasynda ýaş raýatlary döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüş üçin taslamalara we maksatnamalara çekmek göz öňünde tutulýar. Esasan hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini ýaşlar syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda GDA gatnaşýan döwletleriň ýaşlaryň işi boýunça Geňeşiň hataryna goşmak göz öňünde tutulýar.
Teswirler