Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleri sergide görkezildi

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi açyldy. Bu sergide ýurdumyzda öndürilen önümler şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň milli synlamlarynda goýlan zatlar görkezilýär.

Geçirilýän halkara sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazananlary, innowasiýa tehnologiýalary, sanly aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler barada jikme-jik maglumat berýär.

Sergi iki gün dowam eder. Serginiň çäginde sergä gatnaşyjylar dostlukly respublikalaryň önümleri bilen tanşarlar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok