Geljekde “emeli aňyň” ýok etjek kärleri we hünärleri

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan biri bolan “emeli aň” çalt depginler bilen ösýär. Onda, geljekde “emeli aň” haýsy kärleri we hünärleri ýok edip biler? Geliň öwreneliň!

Soňky ýyllaryň iň uly oýlap tapyşy bolan “emeli aňyň” geljegimizi emele getirjekdigi şübhesizdir. Entek o diýen ýokary derejelere çykmasalar hem eýýämden durmuşymyzyň köp ýerinde görmäge başladyk. Geljekde gündelik durmuşymyzda has köp eşitjek we görjek “emeli aň” tehnologiýasynyň ýok edip biljek hünärlerini siz üçin saýladyk.

Sürüjilik;

  • Indiki çykýan awtoulaglar awtopilot aýratynlygy bilen gelýärler. Awtopilot bolanda awtoulagyň öz-özüni ýagny “emeli aňyň” kömegi bilen dolandyrmasy bolup durýar. Awtopilot awtoulagy adamdan pes dolandyrmaýar.

Taksiçilik;

  • Aslynda taksiçilik hem sürüjilige girýär emma bir kär bolup durýar. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda tehnologiýanyň gazananlaryny göz öňünde tutsak bu käri hem “emeli aňyň” aljagy ikuçsyzdyr.

Gurluşyk işleri;

  • Häzirki wagtda gurluşyk işleri üçin adam işçi güýjünden köp peýdalanylýar. Ähtimal, emeli aň we mehaniki ulgamlaryň ewolýusiýasy bir nokada ýetende, agyr işler olara galar. Sebäbi emeli aňly tehnologiýalar üçin senetçiligi talap edýän işleri öwrenmek ýa-da gurluşyk ussatlygy ýaly ugur talap edýän işleri başdan geçirmek üçin birnäçe sekunt gerek.

Ofisiant;

  • Restoranlarda we kafelerde häzirki wagtda diňe ofisiantlar müşderilere hyzmat etselerde geljekde restoranlaryň we kafeleriň eýeleri ofisiantlar üçin däl-de, “emeli aňly” hyzmatkärlere has köp üns bererler.

Kassir;

  • Kassirleriň, käbir azyk dükanlarynda zerur däldigini görensiňiz. Köp ýerde kassa enjamy kompýuterden durýar we satyn alnan önümler kompýuter arkaly töleg geçilýar. Geljekde dükanlarda emeli aňly robotlar ýada tehnologiýalar bu pudaga hem ornaşar.

Uçar dolandyryjylygy;

  • Ýerden müňlerçe metr ýokarda size kömek edýän kimdir biriniň bolmagy gowy zat. Emma bu emeli aňyň ýerden has ýokarda ulanyp bilmejekligini aňlatmaýar. 2040-njy ýyla çenli birnäçe pudaklara emeli aňyň ornaşdyrylmagy geljekde käbir kärleriň we hünärleriň ýok boljakdygyny görkezýär.

Aziz PERHADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok