20-nji iýul – Halkara küşt güni

Küşt häzirki döwrüň iň gadymy oýunlaryndan biridir. Bäşinji asyrda Hindistanda oýlanyp tapylan bu tagta oýny ilki “Chaturanga” diýlip atlandyryldy.  Soňra  Hindistanyň  ösmegi   bilen  bu  oýun  parslara  ýaýrapdyr (parslar  küşti  ,,Şatranj” diýip  atlandyrypdyr). Şeýdip,  ol  dünýäniň  çar  künjegine  ýaýrap  başlapdyr. XV asyra  çenli küşt  dürli  üýtgeşmeler  bilen  häzirki  görnüşe  gelipdir.

Ilkinji häzirki zaman küşt ýaryşy 1851-nji ýylda Londonda geçirildi we nemes küştçisi  Adolf Anderssen ýeňiji boldy. 1924-nji ýylyň 20-nji iýulynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen sekizinji tomusky Olimpiýa oýunlarynda FIDE (Bütindünýä küşt federasiýasy) döredildi. 181 küşt federasiýasyny öz içine alýan FIDE, bu gün bütin dünýäde küşt ýaryşlaryny  guraýan  guramadyr.

Ilkinji  Halkara  küşt  güni  UNESKO-nyň  teklip  etmegi  bilen  1966-njy  ýylda  Halkara  küşt  federasiýasynyň (FIDE)  döredilen  gününde, ýagny 20-nji  iýulda  bellenilip  başlandy. Şondan  soň  her  ýylyň  20-nji  iýuly  bütin  dünýäde  halkara  küşt  güni  giňden  bellenilip geçilýär.

Bütin dünýäde bellenilýän Halkara küşt güni, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem ykrar edildi. Baş Assambleýa degişli karary 2019-njy  ýylyň  12-nji dekabrda biragyzdan kabul etdi.  Karar Ermenistan tarapyndan düzüldi we beýleki 52 ýurt tarapyndan hemaýatkärlik edildi.

Bü  günki  gün  dünýäde  ortaça  605 million  adam  küşt  oýnaýar. Esasan  hem, uly  ýaşly  adamlaryň  70%-i durmuşynyň  belli  bir  döwründe  küşt  oýny  bilen  gyzyklanýandygy  anyklanyldy.

Çarymämmet ÖWEZMYRADOW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň
15-nji  orta  mekdebiniň  mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok