Suw diplomatiýasynyň hukuk binýady

Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalaryny utgaşdyrmaga suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.
Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär.
Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy wezipeleriniň biri Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde syýasy-hukuk häsiýetli hemmetaraplaýyn resminamany — Birleşen Milletler Guramasynyň suw strategiýasyny işläp taýýarlamagy öňe sürmekdir. Ýurdumyzyň suw meseleleri boýunça garaýyşlary Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna, başlangyçlaryna, şeýle hem durnukly ösüşiň meselelerine bagyşlanan maslahatlaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň 2012-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen «Rio+20» atly maslahatynyň, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde 2015-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen Bütindünýä suw maslahatynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara esaslanýar.
Suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak babatda taýsyz tagallalary edýän döwlet Baştutanymyza il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýäris.

Çynar Maşadowa
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň
ýaşaýjysy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok