«Daşoguzörisuw» kärhanasy tarapyndan birnäçe guýular abatlanyldy

2021-nji ýylda «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri Görogly etrabynyň “Garagum” maldarçylyk hojalygyndaky «Mazarly» we «Böwür deşik» öri meýdanlarynda ýerleşýän guýularyň durkuny täzelediler.

Kärhananyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan düýpli bejerişiň gidişinde guýularyň diwarlary berkidildi, mallaryň suw içýän nowalardyr howdanlar abatlandy, suw çeşmeleriniň hapalanmagynyň we çökmeginiň öňi alyndy. Bu işler on müňlerçe gektar öri meýdanyda ýerleşýän guýularyň suwlanmagyny doly dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Şu ýyl kärhananyň hünärmenleri S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çägindäki çarwa obalary bolan «Yslam» we «Gyzylja burun» ilatly nokatlaryndaky guýulary-da abatlap, doly güýjünde dolanşyga berdiler. Umuman alanyňda, eýýäm bu kärhana tarapyndan guýularyň ömrüni uzaltmaga we mallaryň suw üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän şunuň ýaly işleriň 149,000 manatlygy ýerine ýetirildi. Ýylyň ahyryna çenli hünärmenler ýurduň demirgazyk sebitiniň uzak öri meýdanlarynda iki sany täze guýy gazmagy we häzir bar bolan birnäçe guýularyň durkuny täzelemegi meýileşdirýärler.

Welaýatda suwy tygşytly ulanmak we ekologiýa kadalaryny berk berjaý etmekden ötri öri meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň dogry ýola goýulmagyna uly üns berilýär. Mal bakmak üçin uzak öri meýdanlaryny peýdalanýan maldarlar ýerasty suw baýlyklaryny hem öri meýdanlaryny has tygşytly ulanmagyň hasabyna dowardarçylykdan we düýedarçylykdan alynýan önümleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar.

Döwlet ÇARWAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok