Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny häzirki zamanyň talaplaryna görä ösdürmek, öz-özüňi dolandyrmak we täze ykdysady şertlerde ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de toplumlaýyn dolandyrmak, bu pudaklaryň ykdysady erkinligini giňeltmek arkaly işiniň hilini we edýän hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesine M.Çakyýew bellenildi.

«Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok