Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň sanawy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şu ýylda ýurdumyzda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň sanawy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Aşgabat şäherinde

1. Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezleri hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýy. Buýrujy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Aşgabat şäher häkimligi. Potratçy «Beýik bina» hususy kärhanasy.

2. «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhana. Buýrujy Aşgabat şäher häkimligi. Potratçy «Rönesans» türk kompaniýasy.

3. A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh. Buýrujy Aşgabat şäher häkimligi. Potratçy Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat önümçilik-tehniki üpjünçilik müdirligi.

4. A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerasty geçelgeler. Buýrujy Aşgabat şäher häkimligi. Potratçy «Ussat-Inžener» hususy kärhanasy.

5. Hökümet münberi. Buýrujy Aşgabat şäher häkimligi. Potratçy Fransiýanyň «Bouygues Batiment International» kompaniýasy.

6. Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi. Buýrujy Aşgabat şäher häkimligi. Potratçy Aşgabat şäher häkimliginiň 2-nji gurluşyk-gurnama müdirligi.

Ahal welaýatynda

7. Kaka etrabynda tikin önümlerini öndürýän dokma toplumy. Buýrujy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi. Potratçy «Cotam Enterprises Ltd.» Britan Wirgin adalarynyň kompaniýasy.

8. Babadaýhan etrabynda tikin önümlerini öndürýän dokma toplumy. Buýrujy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi. Potratçy «Cotam Enterprises Ltd.» Britan Wirgin adalarynyň kompaniýasy.

9. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi. Buýrujy «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti. Potratçy «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

10. Änew şäherinde 720 orunlyk orta mekdep. Buýrujy Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi. Potratçy «Myradym» hususy kärhanasy.

11. Änew şäherinde 960 orunlyk orta mekdep. Buýrujy Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi. Potratçy «Myradym» hususy kärhanasy.

12. Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk orta mekdep. Buýrujy Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi. Potratçy «Ussat-Inžener» hususy kärhanasy.

13. Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje geňeşliginde 960 orunlyk orta mekdep. Buýrujy Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi. Potratçy «Ussat-Inžener» hususy kärhanasy.

Balkan welaýatynda

14. Balkanabat şäherinde 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýy. Buýrujy Balkan welaýat häkimligi. Potratçy «Röwşen» hususy kärhanasy.

15. Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana. Buýrujy Balkan welaýat häkimligi. Potratçy «Ussat-Inžener» hususy kärhanasy.

16. Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy. Buýrujy Balkan welaýat häkimligi. Potratçy «Çeper Gurluşyk» hususy kärhanasy.

Daşoguz welaýatynda

17. Daşoguz şäherinde 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýy. Buýrujy Daşoguz welaýat häkimligi. Potratçy «Röwşen» hususy kärhanasy.

18. Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 6 sany 16 öýli, 6 sany 24 öýli, 1 sany 32 öýli, 2 sany 48 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlary. Buýrujy Daşoguz welaýat häkimligi, Daşoguz şäher häkimligi. Potratçy «Demirbetonönümleri» zawody, «Derkar» hojalyk jemgyýeti, «Merdana doganlar» hususy kärhanasy.

19. Gubadag etrabynda haly önümleri kärhanasy. Buýrujy «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasy. Potratçy Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawody.

Lebap welaýatynda

20. Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy. Buýrujy Türkmenistanyň Energetika ministrligi. Potratçy Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy.

21. Saýat etrabynyň Çowdur geňeşliginde 600 orunlyk orta mekdep. Buýrujy Lebap welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi. Potratçy «Ussa Tirkeş» hususy kärhanasy.

22. Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginde 600 orunlyk orta mekdep. Buýrujy Lebap welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi. Potratçy «Döwletli dostlar» hususy kärhanasy.

Döwlet Baýramow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok