Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli birnäçe desgalar ulanylmaga berler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, S.Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Aşgabat şäherinde Söwda we dynç-alyş, işewürlik merkezleri hem-de ýaşaýyş jaýlary, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhana, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerasty geçelgeler, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we beýleki desgalar şu ýylyň dowamynda ulanylmaga berler.

Ýubileý ýylynda açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumy, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplum, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň, Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalary, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Gubadag etrabynda bolsa haly önümleri kärhanasy, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasy, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-si ulanmaga berler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden dabaralandyrylýan şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.

Şatlyk Hojanow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok