Jelaletdin Rumy barada kitabyň elektron görnüşi halk köpçüligi bilen paýlaşyldy

Oguljennet Bäşimowanyň “Jelaletdin Rumy” atly kitabynyň elektron görnüşi Bilgirje portalynda ýerleşdirildi.

Kitap türkmen filosofy Möwlana Jelaletdiniň hatyrasyna şahyr, ýazyjy,
terjimeçi, žurnalist Oguljennet Bäşimowanyň on iki ýylda taýýarlan kitabydyr. Kitaba Möwlananyň üç kitaby awtor — Oguljennet Bäşimowanyň türk dilinden eden terjimesi we awtoryň dokumental hronika esasynda ýzan «Yşgyň azany» atly taryhy-çeper romany ýerleşdirilendir. Kitap dünýä türkmenleriniň öz beýik şahsyýetlerini öz dillerinde okamagy we tanamagy üçin awtor tarapyndan düýpli
maksat tutulyp, taýýarlanandyr.

Elektron kitaby ýükläp alyň.

Şeýle-de okaň:
Ene-ata çagalar üçin gyzykly bolmaly (Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşlik)
Çaga üçin ene-atanyň berip biljek iň gymmat baýlygy näme? (Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşlik)

Teswirler

K.A.

Şu kitaby nireden ýüklap alyp bolarka? Ýokarda goýan ssylkaňyz açylanok. Elektronnysyny almaga kömek etseňiz ullakan Taňryýalkasyn aýdardyk. Sag boluň.