Italiýan kompaniýalary bilen ýurt tanyşdyryş maslahaty

7-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ýurt tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Tanyşdyryş maslahaty, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we italýan wekiliýeti – Italýan Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano-nyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de «TAPI Pipline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurtda öz ösüşinde ýerli çig mal çeşmelerine, kämil tehnologiýalara esaslanmak arkaly, Türkmenistanyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň has hem giňeldilmegine itergi berýän, iri eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutmagyny maksat edilip kemala getirilýän ulgamyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.  

GYLYÇDURDYÝEWA Çynar
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok