Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady strategiýasy köpugurly häsiýete eýe bolmak bilen, düýp mazmuny boýunça durmuş meselelerine aýdyň gönükdirlendigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýär.
Energiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi häzirki wagtyň iň uly çagyryşlarynyň biri bolup durýar. Soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda adamzat taryhynyň bütin dowamyndan hem köp uglewodorod energiýasy peýdalandy. Häzirki wagtda, dünýä boýunça öndürilýän alternatiw energiýa çeşmeleri uglewodorod ýangyjyny doly gysyp çykaryp we sarp edijileri energiýa bilen doly möçberde üpjün edip bilmeýär. Energiýa üpjünçilik şu günki gün durnukly ykdysady ösüşiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Energetika önümçiliginiň ýokary hilli we üznüksiz işi ilata energiýa hyzmatynyň, ýurduň bolsa milli howpsuzlygynyň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şeýlelikde, energiýa howpsuzlygy islendik ýurduň milli howpsuzlygynyň esasy düzüm bölegi bolup durýar.
Soňky döwürdäki energiýa üpjünçilik meselesine bolan uly gyzyklanma, geljekde energiýa resurslaryna elýeterliligiň we ilata üznüksiz ýetirilmeginde bäsdeşligiň uly boljakdygy bilen düşündirilýär. Energiýa resurslarynyň satyn alynmagy ýurduň ösüşiniň esasy görkezijileriniň biri bolmagyny bes etdi. Bu ýagdaý, energiýa serişdelerine zerurlygyň peselmegi bilen baglanyşykly dälde ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň, hususan-da hyzmatlar pudagynyň ösüş derejesiniň ýokarlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda “energiýa howpsuzlyk” düşünjesi täze garaýyşlary emele getirýär. Eger, bu ugra degişli ilkinji ylmy garaýyşlar ýurduň çägi bilen çäklenen bolsa, energetika howpsuzlygy milli ykdysadyýetiň we ilatyň hökmany üpjünçiliginiň esasy daýançlarynyň biridigi anyklanylandan soňra, ekologik we tehnogen howpsuzlyk ýaly garaýyşlaryň hem giňeldilmegine we täzeden seredilmegine getirdi.
Geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan başlap köp ýurduň syýasaty, ykdysady ösüşiniň derejesiniň görkezijisi, milli howpsuzlygy we ilatyň maddy üpjünçiligi, energiýa üpjünçilik meselesiniň çözgüdi hökmünde ykrar edilýär.
Bilermenleriň baha bermegine görä, 2040-nji ýyla çenli dünýäniň energiýa sarp edijiligi 40 % ýokarlanmagy garaşylýar. Energetika howpsuzlygyň esasy ýörelgesi, arassa energiýany import edýän ýurtlaryň binýadynda hereketlenýär we emele gelýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan energeýa howpsuzlygyna üznüksiz, ekologik arassa we üpjünçiligiň bahasynyň elýeterliligi hökmünde kabul edilýär.
Durdyýewa Aýlar
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň 1-nji talyby.
Teswirler