Londonda «Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi» atly halkara forumy geçiriler

Şu ýylyň 2-3-nji niýabrynda Britaniýanyň paýtagty London şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi» atly halkara forumy geçiriler. Bu möhüm halkara forumyň guramaçy hökmünde «Nielsonsmith» kompaniýasy çykyş edýär.

Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň alty esasy pudagynda – nebit-gaz, senagat, telekommunikasiýa, himiýa, energetika we gurluşyk pudagynda täjirçilik mümkinçilikleri barada doly maglumat alarlar hem-de täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmak mümkinçilikleri babatda özara pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Forum, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen işewür gatnaşyklar döretmek hem-de tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik açýar.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok