Malaýziýanyň hökümeti KOWID-19 pandemiýasy sebäpli ýurtlaryna dolanyp bilmeýän daşary ýurtly, şol sanda türkmenistanly talyplar üçin sanjym mümkinçiligi döredýär.
KOWID-19 waksinasy talyplara tölegsiz ýagdaýda ýörite topar (Special Committee on Ensuring Access to Covid-19 Vaccine Supply) tarapyndan üpjün ediler. Bu sanjymdan peýdalanmak üçin www.vaksincovid.gov.my saýty arkaly registasiýa edip bilerler.
Sanjym diňe bir talyplara däl, şeýle-de bu ýerde öz ýurtlaryna dolanmaga mümkinçiligi bolmadyk daşary ýurtly raýatlar üçin hem döredilýär. JKJAV ýörite toparyň saýtynda häzirki wagtda 17 milliondan gowrak arza edildi.
Malaýziýa hökümeti Pfizer-BioNTech, Sputnik V, Sinovac we AstraZeneca waksinalarynda ýeterlik mukdarda sargandygyny, Aljazeera habar berýär.
Malaýziýada häzirki wagtda 800-den gowrak türkmen talyplary bilim alýar.
Teswirler